Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň iri pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy döredilýär. Bu bereket bolçulygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň abadan, bolelin durmuşyny üpjün etmek baradaky aladalarynyň oňyn netijesidir, ýurdumyzyň edermen oba hojalyk işgärleriniň, hususy pudagyň wekilleriniň, telekeçileriň zähmetiniň miwesidir.
Ýurdumyzda bagçylyk, bagbançylyk ozaldan meşhur. Ussat bagbanlaryň ençemesi öz halal zähmeti, döreden baglary hem-de dürli görnüşli miwe sortlary bilen at alan, abraý gazanan ynsanlardyr. Häzirki wagtda-da ýurdumyzda oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen birlikde bagçylygy ösdürmäge, dürli miweleriň bolçulygyny döretmäge uly üns berilýär. Bu bolsa halkymyzda ýörgünli bolan «Bagy baryň – bary bar» diýlen pähimiň durmuş hakykatyna esaslanýandygyny, bu hakykatyň beýanydygyny görkezýär. Häzirki wagtda miweçiligi ýöriteleşdirilen hojalykda, kärende ýerlerinde, hususy melleginde dürli miweli baglary ekip, bagçylyk bilen meşgullanyp, almanyň, erigiň, armydyň, garalynyň, üzümiň dürli görnüşlerinden bol hasyl alýan zähmetkeş bagbanlar örän köp.