15-nji noýabrda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar iň ýokary derejedäki dostlukly we ynamdar syýasy gepleşiklere esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösüşini bellediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda şu ýylda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy.