Iki döwletiň arasynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde, ykdysady hyzmatdaşlykda bar bolan mümkinçilikleri içgin öwrenip, özara hereketleriň anyk ugurlaryny kesgitlemekde hökümetara toparlaryň, aýry-aýry pudaklar boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň alyp barýan işlerine möhüm orun degişli. Ýakynda Berlinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisinde hem Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, «Uly ýediligiň» öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Germaniýa Federatiw Respublikasy ykdysady kuwwaty boýunça Ýewropa Bileleşiginde birinji, dünýäde dördünji orny eýeläp, bu ýurduň awtoulag senagatynda, uçar önümçiliginde, lukmançylyk, oba hojalyk, azyk, himiýa we derman senagaty enjamlaryny öndürmekde, «ýaşyl» energiýa önümçiliginde baý tejribesi bar. Hut şu görkezijiler-de Ýewropanyň merkezinde ýerleşýän bu döwlete tehnologiýalar, «ýaşyl» ykdysadyýet, innowasiýalar babatda hemmeleriň eýerýän halkara standartlaryny işläp taýýarlamak üçin oňyn şertleri döredýär. Şunda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem uly mümkinçilikleri bolup, bu günki gün ol gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdürilýär. Munuň şeýledigini dürli derejedäki wekiliýetleriň özara saparlary, iki ýurtda yzygiderli geçirilýän bilelikdäki ykdysady forumlar hem tassyklaýar.