Türkmenistan — baky bagtyýarlygyň ýurdy (Hoşniýetlilik ýörelgesine eýerip)

11 Noýabr 2024
234

Mälim bolşy ýaly, «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjy 10 ýyl mundan ozal — 2014-nji ýylyň noýabrynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolmagynda galýan we bütin dünýäde esasy hukuklardan, resmi taýdan ykrar edilmekden mahrum bolan, millionlarça adamyň ykbalyna täsir edýän raýatsyzlygy aradan aýyrmak üçin giň halkara hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, 8-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, BMG-niň agentlikleriniň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu giň gerimli çäräniň baş maksady Merkezi Aziýada «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemini jemlemekden ybarat boldy. Şoňa görä-de, maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bu ählumumy meseläni çözmekde öňdebaryjy orny eýeleýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gazananlary baradaky giňişleýin syn bilen tanyşdyryldy.

Akmyrat ŞYHMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, uly leýtenant.
Beýleki habarlar