5-nji noýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça federal ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi.
Mejlis iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde Türkmenistanyň we Germaniýanyň ykdysady mümkinçilikleri, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.