«Merkezi Aziýa-Hytaý» gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi

10 Noýabr 2024
230

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar bilen bir hatarda, gümrük işlerinde hem ýokary derejelere ýetýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük edaralarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça ýokary derejede alnyp barylýan işler barha ýokarlanýar. Bu günki günde bu döwletler bilen maslahatlar, duşuşyklar, sanly ulgam arkaly okuw maslahatlary ýokary derejede geçirilýär.

Ýakynda hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda göni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyga Döwlet gümrük gullugynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Baş Gümrük müdirliginiň wekilleri bilen birlikde, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar. Iş duşuşygynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň arasynda gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda kabul edilen Ähtnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan birnäçe meselelere seredildi.

Jumamyrat JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar