Uly baýrama zähmet sowgady

9 Noýabr 2024
254

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagtaçy daýhanlary Hasyl toýunyň bosagasynda şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda berjaý edip, bereket-bolçulygyň baýramyna uly zähmet sowgadyny taýýarladylar. Olar gowaça ekilen 7300 gektar meýdandan 15 müň tonnadan gowrak «ak altyn» öndürip, borçnamalaýyn tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şunda 500 tonnadan gowrak pagta hasyly bellenilen meýilnamadan artyk ýygnaldy. Zähmet ýeňşi merdana daýhanlaryň toý şatlygyny artdyryp, olary täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Hojalykda ýetişdirilen bol hasyly çalt hem ýitgisiz ýygnap almak boýunça şu ýyl taýýarlyk işleri ýokary derejede guraldy, ähli ulgamlaryň sazlaşykly hem-de utgaşykly hereketi göwnejaý ýola goýlup, gündelik zerur çäreler geçirildi. Ýygym möwsüminde dürli görnüşli tehnikalar, iş gurallary, ätiýaçlyk şaýlarydyr beýleki oba hojalyk enjamlary bilen doly üpjün edilen ýörite toparlaryň 40-sy döredildi. Olar pagta ýygymynyň bütin dowamynda tehniki-guramaçylyk işlerini alyp bardylar. Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde kärendeçileriň 1560-dan gowragy gowaçany ösdürip ýetişdirmekde netijeli zähmet çekýär. Olaryň aglabasy ýygymyň ilkinji günleri tabşyryklaýyn şertnamalaryny artygy bilen berjaý etdi. Daýhançylyk kesbi-kärini kämil ýöredip gelýän kärendeçi Alimjan Ýusupbaýew 2 gektar ýerden 13,5 tonnadan gowrak pagta tabşyrdy. Onuň her gektardan alan hasyly 67 sentnerden geçdi. Öňdebaryjy kärendeçiler Dilrada Taňrybergenowa 2 gektara barabar kärende ýeriniň her gektaryndan 47,5 sentner hasyl ýygnap, ilkinjileriň hatarynda üstünlik gazandy. Ussat pagtaçy Yhlas Kadyrow üçin-de şu ýyl hasylly ýyllaryň biri boldy, ol 3 gektar meýdandan 16 tonna «ak altyn» öndürdi. Kärendeçiniň her gektardan alan hasyly 54 sentnere barabar boldy. Şu ýyl Bahram Täjimuratowyň ýolbaşçylyk edýän kärendeçiler topary hem öňe saýlandy. Pagtaçy kärendeçileriň 83-sini özüne birleşdirýän topar boýunça gowaça ekilen 310 gektar meýdandan 1 müň tonnadan artyk hasyl ýygnalyp, tabşyryk 168 göterim berjaý edildi. Ýylyň-ýylyna öňdeligi eýeläp gelýän bu toparyň zähmetsöýer daýhanlary hojalygyň zähmet ýeňşine uly goşant goşdular. Bahtyýar Rejepowyň toparynyň 53 kärendeçisi hem öndürijilikli işlemegiň asylly nusgasyny görkezdi. Olaryň yhlasly zähmeti bilen 190 gektardan 636 tonna pagta öndürilip, göz öňünde tutulan meýilnama 165 göterim ýerine ýetirildi.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar