Baýramçylyga zähmet üstünlikleri bilen

7 Noýabr 2024
253

Pagta ýygymy täze güýç, batly depgin bilen dowam edýär. Halal zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanýan daýhanlar üçin her günüň, her sagadyň gymmaty artýar. Daşoguz welaýatynyň pagtaçy kärendeçileri, ussat ýer eýeleri «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý edip, täze zähmet ýeňişlerini gazanýarlar.

Köneürgenç etrabynyň «Täze güýç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maksat Meredow şanly ýylymyzda öňdäkileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etmegiň hötdesinden geldi. Ol uzak ýyllaryň dowamynda daýhançylyk işini ýöretmegiň, täzeçe iş alyp barmagyň, ene ýere yhlas etmegiň göreldesini görkezýär. Şu ýyl hem onuň 10 gektar ýerinde gowaçanyň bol hasyly ýetişdi. Hasyly ýygnamakda döwrebap kombaýnlaryň belli bahasy ýok. Ýygym möwsüminiň ýaňy başlan uçurlary ussat kärendeçi ilkinji zähmet ýeňşini gazandy. Ol jemi 40,8 tonna pagta ýygnap, şertnamalaýyn borçnamasyny 205 göterim berjaý etdi. Her gektardan 41 sentnerden hasyl ýygnap, giňden bellenilýän Hasyl toýuna uly zähmet sowgadyny taýýarlady.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar