Dostlukly halklaryň ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda geçirilen çäreleriň hatarynda Wenada we Aşgabatda geçirilen Medeniýet günlerini, geçen ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen V Wena balyny, dürli tanyşdyryş çärelerini, türkmen sungat ussatlarynyň we awstriýaly artistleriň çykyşlaryny görkezmek bolar. Iki halkyň medeniýetlerini, dostluk hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmäge, iki ýurduň giň gerimli hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýän möhüm wakalaryň hatarynda Wena baly hem bar.
10-njy oktýabrda dünýä nusgalyk binagärlik sungatyna eýe bolan Arkadag şäherinde VI Wena baly geçirildi. Bu köp öwüşginli çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, iki şäheriň — Arkadag şäheriniň we Wenanyň arasyndaky dostluk köprüsine öwrüldi. Bu çäräniň geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň giňelýändiginiň, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.