Hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanyp

5 Noýabr 2024
445

Türkmenistan özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Hemişelik Bitaraplyk parahatçylygyň, abadançylygyň we hoşniýetli ýörelgeleriň berk binýadydyr. Türkmenistan daşary syýasat işinde dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berýär. Dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan ýurdumyz halkara gatnaşyklary ulgamynda ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryň çözülmeginde diňe syýasy-diplomatik gurallaryň ulanylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, sebit hem-de halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmäge we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary dünýä derejesinde uly ähmiýete eýedir.

Hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer daşary syýasatynyň netijesinde hil taýdan täze derejä eýe boldy. Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplygyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýeti artdy. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki iri halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Hemişelik Bitaraplygyň esasy ýörelgeleri parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, dünýäniň döwletleri we halkara guramalary bilen hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakda jemlenýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalary edýär. Energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen ýyllar döwletimiz öz saýlap alan syýasy ýoluna doly wepalydygyny, hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz edýändigini dünýä ýüzünde subut etmegi başardy. Ýurdumyzyň tagallalary dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary tarapyndan giňden goldanylýar. Munuň şeýledigini BMG-niň Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň teklibi boýunça kabul edilen, halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan ençeme Kararnamalar hem aýdyň görkezýär.

Läle GURBANOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar