"Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024" halkara maslahaty we sergisi

5 Noýabr 2024
272

2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly 3-nji halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Oňa gatnaşjak wekiliýetleri hasaba almak işi eýýäm açykdyr. Çärä 40 döwletden 600-den gowrak wekiliň, şol sanda halkara we milli kompaniýalaryň, ählumumy guramalaryň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Isleg bildirýänler çäräniň resmi web-saýtynda (ittc-turkmenistan.com) hasaba alynmaga çagyrylýar. Bu abraýly çäre Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan “Belli” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

2018-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça möhüm Kararnamany kabul etmegi sebitde ekologiýa taýdan arassa we netijeli ulag ulgamlaryny ösdürmekde möhüm ädim boldy. Bu Kararnama durnukly ulag çözgütlerini durmuşa geçirmekde, parnik gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda, ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmakda we giňeltmekde hem-de ulag hyzmatlaryna hemmeleriň elýeterliligini üpjün etmekde ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge şert döretdi.

Beýleki habarlar