Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä götermäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda halkara bileleşikde ýurdumyzyň özara ynanyşmak esasynda ygtybarly hyzmatdaşlygy amala aşyrmak ýörelgelerine uly ähmiýet berilýär. 22 — 24-nji oktýabrda Kazan şäherinde geçirilen «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammiti bu hakykaty ýene bir gezek aýdyň görkezen taryhy waka boldy. Şonuň bilen birlikde-de, ol dostlukly halklar bilen öňden dowam edip gelýän hoşniýetli gatnaşyklarda ýene bir aýdyň sahypany açdy.
«Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa, howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar» diýip, hormatly Prezidentimiz sammitdäki çuň manyly çykyşynda aýratyn nygtap aýtdy.