Parahatçylyk — durnukly ösüşiň kepili

30 Oktýabr 2024
292

Dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli dialogyň, dürli formatlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Oňyn hyzmatdaşlygy berkitmekde işjeň orny eýeleýän ýurdumyz sebit hem ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürýär. Muňa diňe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan oktýabr aýynyň dowamynda bolup geçen wakalaryň mysalynda-da anyk göz ýetirmek bolýar.

Mälim bolşy ýaly, 11-nji oktýabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum şanly ýylyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Dana Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek halkara forumyň esasy maksady boldy. Hormatly Prezidentimiz forumda eden çykyşynda dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandygyny belledi. Şonuň üçin şahyryň ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. Dana Pyragynyň parasatly pikirleri asyrlarboýy halkymyz üçin, şeýle-de beýleki halklaryň wekilleri üçin hem durmuş ýörelgesine öwrülip geldi» diýip, döwlet Baştutanymyz çuň manyly çykyşynda aýratyn nygtady.

Maýsa SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy.
Beýleki habarlar