Şaly oragy gyzyşýar

29 Oktýabr 2024
350

Daşoguz welaýatynyň şalyçylary şaly oragyny depginli alyp barýarlar. Welaýat boýunça ekilýän 8 müň 100 gektar şalynyň ählisi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky we «27-nji oktýabr» daýhan birleşiklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýyl bu daýhan birleşiklerinde şalynyň «müňbaş», «elenga», «Nöküs – 2» ýaly ýokary hasyl berýän sortlary ekildi. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, şu ýyl şaly ekilen meýdanlardan ýokary hasyla garaşylýar.

S.A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde kärendeçileriň 432-si 4 müň 450 gektar meýdanda şalynyň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Şalyçylykda baý iş tejribe toplan Meretdurdy Amanow, Şatlyk Annaýew, Tawusjemal Baýmedowa,Wepa Öräýew ýaly kärendeçileriň kärende ýerinde bu ýyl hem şu gymmatly azyklyk ekiniň bereketli hasyly ýetişdirildi.

Şöhrat ABDYÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar