Türkmenistanyň wekiliýeti ŞHG-niň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

20 Oktýabr 2024
253

16-njy oktýabrda Pakistan Yslam Respublikasyna saparynyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Türkmen tarapy öz çykyşynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen ŞHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi bermek üçin obýektiw we hakyky mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Baýram YLÝASOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar