Özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli dialog

18 Oktýabr 2024
296

Aşgabat, 17-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga ygtyýarly guramalaryň wekilleri we Arkalaşyga agza ýurtlardan — Azerbaýjan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan we Özbegistan Respublikasyndan bilermenler, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Döwletara statistika komitetiniň, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň, «Garaşsyz Döwletleriň weteranlar (pensionerler) jemgyýetçilik guramalarynyň arkalaşygy» halkara bileleşiginiň utgaşdyryjy geňeşiniň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, maslahat beriş geňeşi iş alyp barýan 30 ýylynyň dowamynda Arkalaşyga agza döwletleriň durmuş ugurly syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen, jemgyýetçilik we zähmet pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, umumy zähmet bazarynyň döredilmegine, ugurdaş infrastrukturanyň ösdürilmegine möhüm goşant goşdy.

Beýleki habarlar