16-njy oktýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.
Soňky wagtda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklar çuň many-mazmuna eýe bolýar. Bilim ulgamynda gatnaşyklar giňeldilip, ylym we medeni alyşmalar, iki döwletiň sebitara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Ýurtlarymyzda yzygiderli geçirilýän Medeniýet günleri meşhur döredijilik çäresine öwrüldi. Nobatdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy üçin saýlanyp alnan Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň tomaşaçylardan doly zaly hem Türkmenistanda bu çärä uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezdi. Bu ýere medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, dostlukly halkyň sungatynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.