Hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary – ählitaraplaýyn ösüşlere badalga

16 Oktýabr 2024
306

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýurdumyzyň öňe sürýän netijeli başlangyçlarynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge, dialogy ösdürmäge, ählumumy derejede parahatçylykly durmuşy döretmäge möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda “Merkezi Aziýa ‒ Koreýa Respublikasy” parlament forumyny döretmek barada başlangyç öňe sürüldi. Bu başlangyç Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda şu günki duşuşygymyzyň maksady, döwletlerimiziň arasynda parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de dürli ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga we bu ugurlarda tejribe alyşmaga, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlamentleriniň başlyklarynyň şu günki ikinji duşuşygynyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga gönükdirilendir.parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine ýardam berdi. Şu başlangyjyň dowamy hökmünde şu ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygyň gülläp ösüşiniň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna» atly plenar mejlisi, türkmen-koreýa ikinji geňeşme maslahaty, «Ykdysady hyzmatdaşlyk, sanly ykdysadyýet we senagat», «Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde howanyň üýtgemeginiň netijelerini gowşatmak ugrunda hyzmatdaşlyk» atly bölümleriň maslahatlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majlisiniň Başlygy, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Nomaýandogan Majlisiniň Başlygy, Özbegistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Kanunçykaryjy palatasynyň Başlygy bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi, şeýle hem parlamentara dostluk toparynyň we ugurdaş komitetiň ikitaraplaýyn duşuşyklary guraldy. Geçirilen duşuşyklarda döwletlerimiziň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, parlament we kanunçykaryjylyk işinde toplanan öňde baryjy tejribe barada özara pikir alşyldy, döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümligi bellenildi. Şu günki duşuşygyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi. 

Laçyn HAÝDAROWA,
Dänew etrabynyň 22-nji “Erteki” çagalar bakja-bagynyň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar