Oba hojalygynyň möhüm meseleleri halkara barlaglaryň üns merkezinde

17 Oktýabr 2024
372

Daşoguz, 16-njy oktýabr (TDH). Şu gün Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigi öz işine başlady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen zehin bäsleşigine sanly ulgam arkaly gatnaşmak üçin ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyryldy.

Iki günläp dowam etjek bäsleşigiň öňüsyrasynda Watanymyzyň ösüşlerini, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolan oba hojalygy pudagynyň gazananlaryny şöhlelendirýän sergi guraldy. Soňra bäsleşik barada maglumatlary özünde jemleýän wideoşekiller görkezildi. Munuň özi umumy maksatlara ýetmek üçin ylmyň we bilimiň özara baglanyşygynyň aýdyň beýany boldy.

Beýleki habarlar