Biz şu günler taryhy wakalaryň täsirinde ýaşaýarys. 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum halkymyzyň milli buýsanjy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň şanyna tutulýan toýlaryň «şirwan perdä» çykandygyny alamatlandyran medeni-diplomatik çärä öwrüldi. Şol günlerde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň resmi, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň döwlet saparlary bilen ýurdumyza gelmegi bolsa bu tutumly toýuň ähmiýetini has-da artdyrdy. «Türkmenistan dünýä üçin açykdyr», «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip, ýakyn-u-alysdaky döwletleri dostluga, hoşmeýilli hyzmatdaşlyga çagyrýan Bitarap ýurduň keşbi, ine, şeýle möhüm wakalaryň mysalynda ýene bir ýola aýdyň açyldy.
Hyzmatdaşlygyň ýyl ýazgysynda şanly sahypa