Arkalaşygyň Moskwa duşuşygy: strategik hyzmatdaşlyk

15 Oktýabr 2024
347

Eýýamlar aýlanyp, döwürler özgerse-de, türkmen halkynyň ýaşaýyş pelsepesiniň, durmuş binýadynyň özenini düzýän dostluk, arkalaşyk, birek-birege sarpa goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk däp-dessurlary, ynsanperwerligi dabaralandyrýan ýörelgeleri wagtyň mizanynda barha täze gymmatlyga eýe bolýar. Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Arkalaşyga agza ýurtlar garaşsyz, özygtyýarly döwletler bolmak bilen, birek-birek bilen deňhukukly hem-de özara hormat goýmak esaslarynda ýola goýulýan özygtyýarly gatnaşyklar syýasatyny alyp barýarlar. Bu gün GDA agza ýurtlaryň öz milli bähbitlerini umumy ösüşiň maksatlary bilen utgaşdyrmaga, ýüze çykýan meseleleriň öňüni almaga, olary özara ylalaşykly, açyk ýagdaýda çözmäge mümkinçilik berýän köpugurly gatnaşygyň çeýe guralyna öwrüldi. Biziň ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, 2005-nji ýyldan bäri, GDA-nyň assosirlenen agzasy bolup durýar. Arkalaşyga agza ýurtlaryň halklarynyň gatnaşygy belli bir taryhy döwürde umumy ykbaly paýlaşan halklar hökmünde wagtyň synagyndan kemsiz geçen wepadar dostlaryň gatnaşygynyň, hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň, umumy ösüşe, parahatçylyga gönükdirilen tagallalaryň nusgalyk görkezijisine öwrülýär.

Arkalaşygyň esasy ileri tutulýan wezipeleri howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bolup, olar netijeli durmuşa geçirilýär. Ine, 8-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşmagy hem agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny ýene bir gezek görkezdi.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar