Durmuşymyzda şeýle bir pursatlar bolýar, ömrüňe ömür goşýan şol ýakymly pursatlar hiç wagt ýadyňdan çykmaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 7—9-njy oktýabr aralygynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri hem iki dostlukly ýurduň halkyna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş etdi. Gadymy kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen we gazak halklaryny biri-birine has-da ýakynlaşdyran bu medeni çäräniň dowamynda gazak halkynyň beýik şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagyna bagyşlanan dabara toý-baýramly günlerimize aýratyn şan berdi.
Paýtagtymyzyň gözel ýerinde ýerleşýän «Laçyn» seýilgähine aýratyn görk beren täze heýkeliň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň gatnaşmagy iki dostlukly ýurduň halklarynda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň dabarada eden çykyşynda bellenilişi ýaly, iki doganlyk halkyň taryhy-medeni durmuşynda öçmejek yz galdyran meşhur şahsyýetleriň, akyldarlaryň, şahyrlaryň mirasyny aýawly saklamak, olaryň eserlerini geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýe bolýar. Bu babatdan, taryhy ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede uludan bellenilýän, türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň daşary döwletleriň onlarçasynda dikeldilmegini, pähim-parasada ýugrulan goşgularynyň dünýä dillerinde aýdym bolup ýaňlanmagyny buýsançly aýdyp bileris. Şu ýylyň iýul aýynda Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy, toýly günlerde bolsa, Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasynyň bolmagy we Milli Liderimiziň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin döwlet Baştutanymyzyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini habar bermegi buýsançly başymyzy göge ýetrdi.