TÜRKMENISTAN — MONGOLIÝA: özara bähbitli gatnaşyklaryň täze tapgyry

15 Oktýabr 2024
341

Hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda 2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly möhüm wakalara baý ýyllaryň biri hökmünde taryha ýazylar. 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumy bolsa ýylyň iň wajyp wakalarynyň hatarynda häsiýetlendirmek bolar. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde guralan bu iri foruma dünýäniň ençeme ýurdunyň döwlet Baştutanlary hem-de abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. 10 — 13-nji oktýabr aralygynda dostlukly Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň ýurdumyza amala aşyran döwlet sapary bolsa bu möhüm waka gatnaşmak bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze sahypasyny açmaga gönükdirilendir.

Mongoliýa Merkezi Aziýanyň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşýän döwlet bolup, demirgazykda Russiýa, günorta-gündogarda we günbatarda Hytaý bilen serhetleşýär. Ýurduň umumy tutýan meýdany 1 million 564 müň 116 inedördül kilometre barabar. Welaýatlar «aýmaklar» diýlip atlandyrylyp, olar hem öz nobatynda somonlara bölünýär. Iri şäherleri — Ulan-Bator, Erdenet, Darhan we Çoýbalsan. Ýurduň çäginiň köp bölegini düzlüklerdir deňiz derejesinden 900 — 1500 metr beýiklikdäki baýyrlyklar hem-de daglyklar eýeleýär.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar