Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýup, dürli ugurlardaky gatnaşyklar ynanyşmak, özara bähbitleriň deňligi, hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, 12-nji oktýabrda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň ýokary derejedäki gepleşikleri geçirmegi iki ýurduň arasyndaky dostlugy pugtalandyryp, döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýar.
DÖWLETARA DIALOG OKGUNLY ÖSDÜRILÝÄR