Päk zähmetden bagt tapýar

9 Oktýabr 2024
392

Pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde topraga hyzmat edip, ondan bereket tapýan ussat daýhanlar barada gürrüň etmek ýakymly. Şeýle daýhanlaryň biri-de Gyzylarbat etrabynyň Garabogaz obasynyň ýaşaýjysy Mirmuhammet Babaýewdir. Zähmetsöýer daýhanyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ekin meýdanyndan alan hasyly şertnamalaýyn borçnamada bellenendäkiden iki esse ýokary boldy.

— Bäş ýyl mundan ozal Garagum derýasynyň boýunda 150 gektar ýeri 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga aldym. Şu ýyl onuň 40 gektarynda  pagtanyň bol hasylyny kemala getirip, häzire çenli 80 tonnadan gowrak «ak altyn» aldyk. Ekin meýdanymyzda hasyl köp. Pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almaklygy maksat edinýäris.

Muhammet GYLYJOW.
Beýleki habarlar