Şaly hasyly ýygnalýar

9 Oktýabr 2024
394

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda şalynyň öndürilişini artdyrmak barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu gymmatly ekiniň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyna goşmagy maksat edinen welaýatymyzyň şalyçy daýhanlary, kombaýnçylary häzirki günlerde bu ugurda öndürijilikli iş alyp barýarlar. Olaryň ýadawsyz zähmeti bilen kabul ediş bölümlerine gündelik tabşyrylýan şalynyň mukdary barha artýar.

Belli bolşy ýaly, şu ýyl hem bu iş welaýatymyzda şalynyň esasy ýetişdirilýän ýeri bolan Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylarynyň paýyna düşdi. Şeýlelikde, bu ýerde göz öňünde tutulan 8100 gektar şaly meýdanynda degişli işler göwnejaý alnyp baryldy. Şonda etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4450, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde 3150, «Ykbal açary» daýhan hojalygynda hem 500 gektar meýdana şaly ekilip, kadaly gögerişiň gazanylmagy bilen, ideg çärelerine uly üns berildi. Munuň özi şol ýerlerde saldamly hasylyň ýetişdirilmegine hem-de ony ýitgisiz ýygnap almaklyga gönükdirilen işlere öz wagtynda girişilmegine şert döretdi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar