Pagtaçylaryň arasynda

8 Oktýabr 2024
399

Pagta ýygymynyň barha gyzyşýan günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan pagtaçylaryň arasynda birnäçe höweslendiriş çäreleri guralýar. Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde «Ak altyndan dag döredýän pagtaçylar!» ady bilen geçirilen dabaraly duşuşyk hem täsirli çäreleriň biri boldy.

Günortanky arakesme wagtynda guralan bu duşuşygyň esasy maksady pagtaçylaryň armasyny ýetirmekden, olary ajaýyp zähmet üstünligine ruhlandyrmakdan, şeýle-de möwsümde tapawutlanyp işleýän zähmetkeşleri höweslendirmekden ybarat boldy. Oňa pagtaçy kärendeçiler, ýygymçylar, mehanizatorlar, ýygnalan hasyly harmanhanalara daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileri gatnaşdy.

Hanmuhammet AMANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar