As­ta­na sam­mi­ti: köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy iler­le­dip

26 Sentýabr 2024
602

Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Gahryman Arkadagymyzyň ba­şy­ny baş­lan we hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, ne­ti­je­li hal­ka­ra dia­lo­ga yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Mu­nuň özi äh­lu­mu­my ösü­şiň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mä­ge, umu­my bäh­bit­le­re la­ýyk­lyk­da, öza­ra yna­nyş­mak ýag­da­ýyn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 17-nji sent­ýabr­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, «Mer­ke­zi Azi­ýa — Ger­ma­ni­ýa» for­ma­tyn­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­li köp­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­ga gat­naş­ma­gy hem mu­nuň no­bat­da­ky gü­wä­si­ne öw­rül­di. Du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi hä­zir­ki döw­rüň der­wa­ýys me­se­le­le­ri­niň en­çe­me­si­ni öz içi­ne al­dy.

Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len sam­mi­tiň işi­ne Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Fe­de­ral Kans­le­ri Olaf Şols, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ža­pa­row, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew hem gat­naş­dy­lar.

Beýleki habarlar