Şu günler Gökdepe etrabynda hem pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Bu möhüm işde etrabymyzyň pagtaçy kärendeçileriniň, mehanizatorlarynyň arasynda guralýan zähmet bäsleşikleri, höweslendiriş çäreleri olary zähmet üstünligine ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan möwsümiň öňdebaryjylary ýüze çykarylyp, olar iş üstünde sylaglanylýar. Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri daýhan birleşikleriniň birnäçesinde bolup, ýokary görkezijileri gazanýan pagtaçylar bilen iş üstünde duşuşyp, olara ýörite sowgatlaryny gowşurdylar. Sylaglananlaryň arasynda “Köpetdag” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annagül Öwlýagulyýewa, “Ýandaklyagyz” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annasoltan Jumamyradowa hem bar.