Şu günler welaýatymyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly Akdepe etrabynda hem pagta ýygymy ýokary depginlerde barýar. Etrabyň pagtaçy daýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap alyp, Watan harmanyna goşmak ugrundaky aladalary turuwbaşdan giň ýaýbaňlandyryp, guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar.
Etrabyň Magtymguly Garlyýew adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileriniň häzirki döwürde ir ertirden giç agşama çenli atyz-meýdanlarynda öndürijilikli zähmet çekip gazanýan öňegidişlikleri-de, muňa mysal bolup biler. Ýeri gelende aýtsak, olar şu möwsümde 1430 gektar meýdandan 2817 tonna «ak altyn» ýygnamagy göz öňünde tutýarlar.