Türkmenistanda oba hojalygynyň ylmy esasda toplumlaýyn ösdürilmegine, ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 16-njy sentýabrda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, 19-20-nji sentýabrda bolsa «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisiniň guralmagy aýratyn ähmiýetlidir.
GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisine Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň, ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşygyň dowamynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda oba hojalyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.