Bol hasylly meýdanlar

12 Sentýabr 2024
350

Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gowaça ösdürip ýetişdirýän daýhanlara we ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etmegi pagtaçylarymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, pagta ýygymy möwsüminiň sazlaşykly işini yzygiderli üpjün etmek üçin ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmatlar ýola goýlup, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmaga gatnaşýanlaryň öndürijilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bol hasylyň isripsiz ýygnalmagy ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändiginiň subutnamasydyr.

Şu ýylyň 11-nji sentýabrynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, halylar we şygarlar bilen bezelen pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy zawodlaryna üsti «ak altyn» bilen doldurylan awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. Halkymyzyň asylly däbine görä, Beýik Biribardan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygy dileg edilip,  hormatly ýaşulularyň hasylyň ýygnalyp başlanmagyna ak pata bermekleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýene bir şanly wakalarynyň biri bolup halkymyzyň hakydasynda orun aldy.

Daňatar ABDYLLAÝEW,
Akdepe etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar