Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan dörän «Döwlet guşy» romanynda «Men çagalyk ýyllarymdan bäri öň eşitmedik, gabat gelmedik sözlerimi, olaryň aňladýan manylaryny depderime belläp almagy we şol belläp alan sözlerimi mahal-mahal okamagy, ýeri gelende ulanmagy endik etdim» diýip, ýaşlara görelde hem ýörelge görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerine eýerip, gazetimizde «Ekerançylyk sözlügi» atly rubrikany açyp, onda ekerançylyk bilen baglanyşykly gadymy sözleriň many-mazmunyny okyjylarymyza yzygiderli ýetirip durmagy makul bildik.
Abat ýer — öňden bäri suwarylyp, ekin ekilip gelinýän, ýere sepen bir tohumyňy müň bolup, gögerdýän topraga aýdylýar. Bu sözüň asly köne gepleşik diline degişli [a:ba:d] sözünden bolup, «oňat bejerilen, tertibe salnan, medeniýetleşdirilen, ýerbe-ýer edilen ýer bölegi» diýen manyny aňladýar. «Abat» sözi gadymy türkmen sözi bolan «abadan» sözi bilen manydaşdyr.