Gülzar obasynyň gülçüsi

20 Awgust 2024
501

Ýurdumyzyň ak bazarlarynda oba hojalyk önümleriniň giň bolçulygy dolup-daşýar. Onuň hakykatdan şeýledigine biziň her birimiz gözli şaýat. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bazar bolçulygynda kärendeçi daýhanlardyr bagbanlar, maldarlar bilen bir hatarda, şahsy mellek eýeleriniň hem goşandy kiçi-girim däl. Melleginde kömekçi hojalygy ýola goýup, dürli önümleri öndürýän, maşgalasyna köp mukdarda girdeji getirýän maşgalalar hem az däl. Biz hem gazetimizde täze rubrika arkaly ýurdumyzyň dürli künjeginde mellegini has netijeli peýdalanýan adamlar dogrusynda dürli žanrdaky gazet makalalaryny yzygiderli berip durmagy göz öňünde tutýarys.

Şabat etrabynyň Nowbahar geňeşliginde bir obanyň ady Gülzar. Oba bilen tanyş bolanyňda, «Bu ady tüýs bilip dakypdyrlar» diýeniňi duýman galýarsyň. Sebäbi bu obada gül ösdürip ýetişdirmeýän maşgala ýok. Obanyň ýol ýakasynda miweli agaçlar bar diýäýmeseň, ilatyň mellekleri durşuna dürli görnüşli güllerden doly. Melleginde bezeg gülleriniň nahalyny oturtmak, otag güllerini edinmek, ter çemen dessesini satyn almak isleýänler ýöriteläp şu oba gelýärler. Welaýat merkeziniň, etrabyň gül bazarlaryny ter gül desseleri, gül nahallary bilen doldurýan-da, esasan, şu obanyň adamlary.

Şöhrat ABDYÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar