«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly halkymyz üçin rysgal-bereketli ýyllaryň birine öwrüldi. Zähmetsöýer daýhanlarymyzyň türkmen topragyndan gallanyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi şanly ýylyň şatlykly wakalarynyň üstüni ýetirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygy iň bir ähmiýet berilýän, işini guramagyň esaslary we maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýän pudaklaryň biridir. Ýeriň hakyky eýesi bolan zähmetsöýer daýhanlary höweslendirmek, goldamak üçin döwletimiz tarapyndan uly işler edilýär. Olaryň halkymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda alyp barýan işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin giň şertler we mümkinçilikler döredilýär. Şu ýyl bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzda däneçilik pudagyny ylmy esasda ösdürmek üçin ýörite Ylmy-barlag institutynyň döredilmegi, bugdaýyň bol hasyl berýän tohumlarynyň ekilmeginiň ýola goýulmagy bu pudagyň ösmegi üçin döwlet goldawynyň üstünlikli netijeleridir.