Türkmen hemişe-de desterhanynda mele-myssyk nanynyň bolmagyny döwletlilik hasaplan halk. Belent bagta, bedew batly galkynyşa beslenen döwrümizde desterhanlarymyz hemişe çörekli. Guşgursak bugdaýymyzdan ýetişdirilen hasyl saçaklarymyza-da, ojaklarymyza-da rysgal-bereket bolup dolýar.
Şu günler ýurdumyzyň welaýatlaryndan yzly-yzyna gelip gowuşýan hoş habarlardan mälim bolşy ýaly, gündogar sebitde-de galla oragy üstünlikli geçirilip, lebaply daýhanlar 130 müň gektar ýerden guşgursak bugdaýyň 310 müň tonnadan gowragyny öndürdiler. Agzybirlik bilen gazanylan zähmet ýeňşi gallaçylaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna mynasyp sowgady boldy.