Öňdebaryjy usullardan peýdalanyp ýeralmanyň ýokary hasyly öndürildi

2 Iýul 2024
847

Ýeralma ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümidir. Ýurdumyzda bu ekiniň ekilişine we öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýetiň berilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Ýeralmanyň bol hasylyny ýetişdirip ilatymyza ýetirmekde Kaka etrabynyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygynyň saldamly goşandy bar.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlangyjy esasynda ýeralmanyň ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde agzalan daýhan hojalygynda alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşmak miýesser etdi. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Aýjahan Nuryýewa bizi garşylap, şu günki iş-aladalary bilen tanyşdyrdy.

Aýdo ŞEKEROW,
«Ahal durmuşy». Surata düşüren awtor.
Beýleki habarlar