Arzyly sepgit golaýlaýar

25 Iýun 2024
556

Ýurdumyz boýunça 690 müň gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak ugrundaky işler barha giň gerime eýe bolýar. Bugdaý orýan we hasyly galla kabul ediş nokatlaryna daşaýan dürli kysymly tehnikalar gije bilen gündize parh goýman işleýärler.

Şu ýyl Watan harmanyna 310 müň tonna bugdaý goşmagy öz öňlerinde baş maksat edip goýan lebaply gallaçylar arzyly sepgide tarap barha golaýlaşýarlar. Kerki, Halaç, Dänew, Çärjew we Köýtendag etraplarynyň gallaçylary ýurdumyzda ilkinjiler bolup pellehana ýetendikleri baradaky hoş habary ýetirdiler. Kerki etrabynyň «Hatap», «Gyzylaýak», «Mürzebeg gala», Halaç etrabynyň «Çohpetde», Jumaguly Mähremow adyndaky daýhan birleşikleri şu günler borçnamadan daşary galla taýýarlaýarlar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar