Welaýatymyzda bugdaý oragy gyzgalaňly barýar

19 Iýun 2024
723

Giň Meýdanlardaky joşgunly zähmet

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan gallaçylygy ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde döredilýän şertlerden, berilýän goldawlardan ýerlikli peýdalanýan welaýatymyzyň gallaçylary geçen ýylyň güýzünde 145 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini amala aşyryp, onuň kadaly gögerişini gazanmak bilen, şondan bäri geçen döwrüň dowamynda ekin meýdanlarynda ýadawsyz iş alyp bardylar. Olaryň uzak wagtlap çeken zähmeti özüniň guwandyryjy netijelerini hem berdi. Munuň şeýledigini şu günlerde bugdaý meýdanlaryndaky bereketli hasyldan, ony ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky işlere ähli gujur-gaýratyny gönükdirýän gallaçy daýhanlaryň, kombaýnçylaryň orak möwsüminiň ilkinji günlerinde gazanýan üstünliklerinden hem görmek bolýar.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar