Galla oragy — bereket bulagy

10 Iýun 2024
695

Türkmenistan döwletimizde möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna badalga berildi. 31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna 7-nji iýunda girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar.

Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin dileg edip, «Çäjiňe bereket!» sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler. Hususan-da, şu ýyl türkmen gallaçylaryna bugdaýy ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda hem 80 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak wezipesi öňde goýuldy. Oba hojalyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Nury SAKÇYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar