Köpugurly gözden geçirilişiň oňyn netijeleri

7 Mart 2024
963

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda üç günläp dowam eden owgan harytlarynyň sergisiniň ýapylyş dabarasy boldy. Köpugurly gözden geçirilişiň çäklerinde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty, iki ýurduň zenan telekeçileriniň duşuşygy, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýurdumyzyň we owgan işewürleriniň gatnaşmagynda göçme birža söwdalary geçirildi. Dostlukly gatnaşyklary pugtalandyran sergä Owganystanyň 230-dan gowrak kompaniýadyr kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň uly wekilçilikli topary gatnaşdy.

Owgan harytlarynyň paýtagtymyzdaky sergisine baryp görenler dürli ugurlara degişli diwarlyklar bilen tanyşdylar. Bu ýerde halylar, şaý-sepler, gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy, gök, miwe we azyk önümleri hem-de beýleki harytlar görkezildi. Sergä gatnaşyjylaryň dykgatyna goňşy ýurduň söwda pudagynyň ösüşlerine bagyşlanan wideoşekiller ýetirildi. Halk senetçiliginiň, amaly-haşam sungatynyň eserleri, şol sanda keramiki, agaçdan oýulyp ýasalan önümler myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Baýramberdi GELDIMYRADOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.
Beýleki habarlar