Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda ugurdaş ministrlikleriň we edaralaryň, «Türkmengaz» hem-de «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleriniň Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň barşynda energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri we tebigy gaz babatda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.