Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin dolandyryş işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamasynyň bellenen tertipde ylalaşylan çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Dokma senagaty, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlikleriniň, Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň merkezi edarasynyň, döwlet täjirçilik banklarynyň hünärmenleri, telekeçiler Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Týubingen şäherinde «ýaşyl» ykdysadyýet ugry boýunça geçirilen iki hepdelik tejribe okuwlaryna gatnaşdylar.
Bu tejribe okuwyna bize-de gatnaşmak miýesser etdi. Agzalan tejribe okuw maslahatynyň çäginde Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň Týubingen şäherinde ýerleşýän edara binasynda dürli ugurlar boýunça okuwlar geçirildi, şeýle hem öňdebaryjy iş tejribeleri bilen tanyşmak maksadynda ykdysady taýdan ösen ýurduň dürli edaralaryna iş saparlary guraldy. Okuw maslahatynyň esasy maksady german kompaniýalarynyň öňdebaryjy tejribeleri, önümçilik işiniň guralyşy, tehniki taýdan üpjünçiligi we ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýalary bilen ýakyndan tanyşmakdan hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakdan ybarat boldy.