Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işgärleri üçin onlaýn okuw sapaklary geçirilýär

19 Fewral 2024
895

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasynda baglaşylan bilelikdäki Meýilnamanyň çäklerinde, CILT Merkezi Aziýa birleşmesi bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýa boýunça söwda maksatnamasynyň goldawy bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işgärleri üçin halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda onlaýn okuwlary guraýarlar.

16-njy fewralda geçirilen ilkinji okuw sapagy «Deňiz dolandyrylyşy we ýolbaşçylyk: ýük daşamakda gymmatlylyk döretmek» ady bilen geçirildi. Bu barada assosiasiýanyň web-saýtynda habar berilýär.

Beýleki habarlar