Häzirki wagtda Ýewropanyň öňdebaryjy döwletleri, şol sanda Italiýanyň işewür toparlary dürli pudaklarda giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny, taslamalaryny amala aşyrýan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Muny 13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Leonardo S.p.A.» italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etmegi hem aýdyň tassyklaýar.
Ilkinji nobatda, «Leonardo S.p.A.» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Italiýanyň kompaniýalarynyň arasynda söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda we beýleki pudaklarda, aýratyn-da, hususy bölekde ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.