Sarahs serhedinden (türkmen-eýran serhedi) Eýranyň çägine — Bandar-Abbasa çenli demir ýollary arkaly daşalýan ýükleriniň menzile gowşurylmagy üçin 3-5 gün gerek bolýar diýip, «Mehr» habarlar gullugy Eýran Yslam Respublikasynyň Demirýollarynyň Baş müdiri Miad Salehiniň Tähranda deňiz ykdysadyýeti boýunça geçirilen halkara maslahatynda eden çykyşyna salgylanyp, habar berdi.
Salehi öz çykyşynda Eýranyň ykdysadyýeti üçin demirýol gatnawyň we üstaşyr geçelgeleriň ähmiýeti barada aýdyp, Sarahs — Inçe-burun iki demirýol serhedini mysal hökmünde getirdi we ýükleriň bu serhetler arkaly Hytaýa we Russiýa ibermek mümkinçilikleriniň uludygyny belledi. Şeýle hem ol halkara ýük gatnawlarynda arzanladyşlaryň ulanyljakdygyny we içerki ýüklere aýratyn amatlylyklaryň göz öňüne tutuljakdygyny aýtdy.