Şu günler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky we olaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen Konwensiýasyny ýerine ýetirmek boýunça komitetiň (CEDAW) nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşýar. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň degişli Konwensiýasyny ýerine ýetirmek bilen bagly altynjy döwürleýin hasabatyna garaldy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary öz çykyşlarynda 2018-nji ýylda geçirilen 5-nji döwürleýin synyň çäklerinde bellenilen birnäçe meseleleri çözmekde öňegidişlikleri gazanmaga mümkinçilik beren, 2018 — 2023-nji ýyllar aralygynda syýasy, ykdysady, hukuk, medeni-durmuş ugurlarynda amala aşyrylan özgertmeler barada maglumat berdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasaty esasynda zenanlara mümkin bolan ähli ýeňillikler berilýär. Olaryň mynasyp ýaşamaklary we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin şertler döredilýär, kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär. Zenanlar döwlet häkimiýetiniň düzümlerinde — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda işleýärler, daşary syýasat işine gatnaşýarlar, telekeçilik bilen meşgullanýarlar, eziz Watanymyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak, maşgalalary goldamak, eneligi we çagalygy goramak boýunça hem toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işlere dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýär.