Türkmenistan nebit-gaz pudagynda daşary ýurt kompaniýalary bilen ylmy hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

4 Fewral 2024
555

2-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebit-gaz pudagynyň ylmy-barlag institutlarynyň işleri, hususan-da, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, bu ulgamda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty we «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty bilen bilelikde hereket edýän nebit-gaz ýataklaryny netijeli ulanmaga gönükdirilen işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Beýleki habarlar