TRACECA halkara maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlaryň gümrük gulluklary elektron hyzmatlarynyň ýeke-täk tranzit portalyny döretmek bilen bagly çarçuwaly şertnamany taýýarlaýarlar. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň Baş gümrük dolandyryş müdirliginiň gümrük düzgünleşdiriş departamentiniň başlygy Jafar Guluzade «Trend» saýtynyň habarçysyna gürrüň berdi.
— Biz Azerbaýjanda döwletiň şu ugurda zerur bolan içerki işleriniň ählisini amala aşyrdyk. Häzirki wagtda halkara üstaşyr geçelgesine gatnaşýan türk dilli ýurtlaryň şeýle hereketleriniň tamamlanmagyna garaşýarys. Şondan soň gümrük hyzmatlarynyň ýek-täk tranzit portaly dörediler. Degişli çarçuwaly şertnama boýunça netijeli işleri alnyp barylýar — diýip, Guluzade sözüniň üstüni ýetirdi.