12-nji dekabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Baýramçylyk çäresine Hökümet agzalary, Mejlisiň we Halk Maslahatynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Tomaşaçylaryň arasynda köpsanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda paýtagtymyzda şanly baýramyň öňüsyrasynda geçirilen iri halkara forumlara gatnaşyjylar bar.
Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti «Bitarapdyr, parahatdyr illerim!» atly watançylyk mazmunly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. «Dokmaçylar» folklor toparynyň ýerine ýetiren bu çykyşy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan parahatçylyk dörediji döwletimiziň häzirki döwrüne buýsanjy artdyrdy. Konserte gatnaşyjylar «Dünýä dursun parahat!» aýdymyny uly ruhubelentlik bilen garşylap, ony bilelikde ýerine ýetirdiler.